Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Nf.E :EedĚSG Va Zo P QB7G
Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow | |||||||||||||||||||||||
Serdar Berdimuhamedow (2018) | |||||||||||||||||||||||
| |||||||||||||||||||||||
Şahsy maglumatlar | |||||||||||||||||||||||
---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|
Doglan wagty | Sentýabr 22, 1981 Aşgabat, TSSR, SSSR | ||||||||||||||||||||||
Milleti | Türkmen | ||||||||||||||||||||||
Çaga(lary) | 4 | ||||||||||||||||||||||
Kakasy | Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow | ||||||||||||||||||||||
Alma mater | S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasy | ||||||||||||||||||||||
Käri | Syýasatçy | ||||||||||||||||||||||
Harby hyzmatlary | |||||||||||||||||||||||
Dostlyk | Turkmenistan | ||||||||||||||||||||||
Hyzmat/ugur | Türkmenistanyň ýaragly güýçleri | ||||||||||||||||||||||
Hyzmat eden ýyllary | 2001-2003 | ||||||||||||||||||||||
Dereje | Leýtenant polkownik |
Serdar Berdimuhamedow (Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç) Türkmen syýasatçysy we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly. 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy.
Mazmuny
- 1 Bilimi we hünäri
- 2 Zähmet ýoly
- 3 Döwlet sylaglary we atlary
- 4 Edebiýat
- 5 Çeşmeler
Bilimi we hünäri[üýtget | edit source]
Ýokary bilimli 2001-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Hünäri boyunça inžener-tehnolog. 2008-2011-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda okady we ony halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. 2011-2013-nji ýyllarda Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde okap, ony halkara we ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Tehniki ylymlarynyň kandidaty (awgust 2014 ýyl).
Zähmet ýoly[üýtget | edit source]
2001-nji ýylyň iýul-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň baş hünärmeni bolup işledi.
2001-2003-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2003-2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň miwe-gök ekin senagaty boýunça esasy bölüminiň baş hünärmeni, alkogolsyz piwo we çakyrçylyk senagaty boýunça esasy bölüminiň baş hünärmeni bolup işledi.
2008-2011-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda okady we ony halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Şol ýyllarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi wezipesinde işledi.
2011-2013-nji ýyllarda Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde okap, ony halkara we ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Şol yyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň geňeşçisi wezipesinde işledi.
2013-nji ýylyň awgust-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygy wezipesinde işledi.
2013-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary;
2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara habarlar departamentiniň başlygy wezipesinde işledi.
2017-nji ýylyň mart aýynyň 20-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetinin başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputaty.
2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary Işler ministriniň orunbasary wezipesine bellendi.
2019-njy ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýär.
Döwlet sylaglary we atlary[üýtget | edit source]
- «Magtymguly Pyragy» medaly
- «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly
- «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» döwlet sylagy
Edebiýat[üýtget | edit source]
- "Türkmenistan" gazeti, №60 (28996) 2018-nji ýylyň mart aýynyň 9-y, S.3.
Çeşmeler[üýtget | edit source]
- Hronika //www.mfa.gov.tm